Bölümler

Dokma toplumynyň 1-nji nobatynda Ýaponiyanyň dünyä belli «Tsudakoma», «Juki», Germaniyanyň «Brückner», «Karl-Mayer», Sweysariyanyň «Staubli», Italiyanyň «Pentek» we Türkiyäniň «Dilmenler» kompaniyalaryň häzirki zaman yokary öndürijilikli tilsimat enjamlary ornaşdyrylan. Aşgabat dokma toplumynyň 2-nji nobatynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentinin 2012-nji ýylyň aprel ayynyn 13-däki 12237 belgili kararyna layyklykda amala aşyryldy. Bu taslama Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginin buýurmasy esasynda Britan Wirgin Adalarynyn «Folkestone Holdings Inc» kompaniyasy tarapyndan durmuşa geçirildi. Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýardam bermegi bilen 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda dokma toplumyna Abadan şäherindaki pagta egriji fabrigi birikdirildi.

Dokma toplumynyň 2-nji nobatynda dünyä belli Yaponiyanyn «Tsudakoma», «Juki», «Barudan», Germaniyanyn «Brückner», «Küsters», «Texpa», «Osthoff», Sweysariyanyn «Staubli» we Italiyanyn «Reggiani», «Fimat», «Arioli», «Mario Crosta» kompaniyalaryň häzirkizaman ýokary öndürijilikli tilsimat enjamlary ornaşdyrylandyr.

Bu kärhanada ornaşdyrylan innowasion enjamlarda ýokary hilli dünyä bazarlarynda uly isleg bildirilyän ýorgan-düşek toplumlary tikmek üçin satin, ranforse, kreton we flanel görnüşli boyalan matalary we tayyar tikin önümleri öndürilip, olaryn aglaba bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

ÜSTÜNLIKLERIMIZ

Biziň Dokma Toplumymyz ISO 9001:2008 Hil dolandyryş ulgamy, ISO 14001:2005 Daş töweregi dolandyryş ulgamy, ISO 10002:2004 Müşderini kanagatlandyrmak barada dolandyryş ulgamy, OHSAS 18001:2007 Işiň ýerine ýetirilmeginiň we iş howpsyzlygynyň dolandyryş ulgamy, SA8000 Sosial jogapkärçiligiň dolandyryş ulgamlary boýunça Halkara guramalarynyň (ISO) derňewlerinden geçip aşakda görkezilen şahadatnamalary alma hukugyna eýe boldy.

BÖLÜMLERIMIZ:

ABADAN NAH-EGIRME FABRIGI

2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda, Aşgabadyň Dokma toplumyna Abadan şäherindäki pagta egriji fabrigi birikdirildi. Abadan nah-egirme fabriginiň Open-and önümçiliginiň gurluşygynda kuwwatlylyk ýylda 16068 tonna hem-de Ring önümçiliginiň gurluşygynda kuwwatlylyk ýylda 4872 tonna göz öňünde tutulandyr.

DOKMA FABRIGI

Dokma fabrigi iň täze enjamlar bilen - Tsudakoma ZAX-E (Ýaponiýa) we STAUBLI LX-1600 (Fransiýa) - enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Olardan 32 enjam žakkardly we 18 enjam dokmanyň armirlenen usuly bovunça işleýär. Bu bolsa ýokary hilli, dünýä standartlaryna laýyk gelýän dürli dizaýnlaryň giň saýlawy bilen tapawutlanýan mata öndürmäge mümkinçilik berýär.Öndürilen önümiň dykyzlygy - 260 gr/in.m.-den 750 gr/in.m.-e çenli üytgäp durýar.

BOÝAG FABRIGI

Boýag fabriginde sütükli matalar we nah matalaryň dürli görnüşlerine boýag işleri amala aşyrylýar. Müşderileriň islegine görä, ýa-da iň halanan dizaýnlary biziň kärhanamyzyň taýýarlan önümlerinde ulanylýar. Boýag fabriginde dünýäbelli "Brückner", "Küsters", "Texpa", "Staubli", "Reggiani", "Fimat", "Arioli" kompaniýalarynyň enjamlary ulanylýar.

TIKIN FABRIGI

Tikin fabriginde ýokary derejedäki enjamlar - Göni tikinler üçin tikin masynlary Juki, DDL-9000 SS-WB (Ýaponiýa), 5 sapakly owerlok Juki, LK-1900 ASS (MC 596 NSS, (Ýaponiýa)) ulanylýar. Şeýle hem Tikin fabriginde her ýylda 19 000 000 birlige golaý sütükli önümler we uly möçberde nah mata önümleri öndürilýär.